Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy
Telefon: +993-12-94-07-41 E-mail: ruscons-ashkhabad@mid.ru Konsullyk bölümi
/.

Umumy maglumatlar

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde  ýola goýuldy. Esasy resminama hökmünde 2002-nji ýylyň  23-nji aprelindäki Dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama hasaplanýar (1992-nji ýylyň 31-nji iýulyndaky şuňa meňzeş şertnama bilen çalşyldy). Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk esaslary 200-den gowrak döwletara, hökümetara we pudakara ylalaşyklardan ybaratdyr. 2018-nji ýylyň   11-nji awgustynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama güýje girdi (2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda gol çekildi). Ýokary derejede durnukly syýasy dialog  ýola goýuldy.   2017-nji ýylyň  2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putiniň resmi sapary boldy.  2017-nji ýylyň  11-nji oktýabrynda  Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi şäherine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putin bilen duşuşygy boldy. 2018-nji ýylyň  6-njy iýulynda türkmen lideri iş sapary bilen Kazan şäherinde boldy, şol saparynyň çäklerinde  futbol boýunça dünýä çempionatynyň dörtden bir final duşuşygyna tomaşa etmäge bardy. 2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda Soçi şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen   Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň resmi däl duşuşygy boldy.                  2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda G.M.Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherinde iş sapary bilen boldy. 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisiniň  barşynda Türkmenistanyň we Russiýanyň liderleriniň ikitaraplaýyn duşuşygy boldy. 2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda we 2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda G.M.Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň daşary ýurda ilkinji resmi sapary hökmünde Russiýa Federasiýasyna iş sapary boldy. Duşuşygyň netijesinde   Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Bu Jartnama syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer, şeýle-de howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak  ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklyge gönükdirilendir.  Saparyň dowamynda  bilelikdäki  resminamalaryň şol sanda oba hojalyk we söwda, bank, maglumatlar, ulag  we sebitara birleşikleri ugurlary boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi (jemi 14 ylalaşyk we memorandum). Russiýanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabat şäherinde geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda, 2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda duşuşdylar.  2023-nji ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy. Şonuň ýaly hem türkmen lideri 2022-2023-nji ýyllaryň dekabrynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Mihail Mişustin 2023-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäginde Prezident  S.G.Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Şonuň ýaly hem şol günleriň dowamynda Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçirilip, onda 10 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.  Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň başlyklarynyň yzygiderli dialogy alnyp barylýar. Bu toparyň rus toparynyň başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.L.Owerçuk özüniň türkmen kärdeşi Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri  R.Ö. Meredow  bilen 2021-nji ýylyň 30-njy martynda, 5-nji iýunynda, 7-nji oktýabrynda, 8-nji aprelinde, 15-nji noýabrynda, 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda we 2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda duşuşdy. Bu topar öz mejlisini soňky  gezek 2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Moskwa şäherinde geçirdi. 2019-njy ýylyň 5-6-njy fewralynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow Aşgabat şäherine  iş saparyny amala aşyryp, G.M.Berdimuhamedow we R.Ö.Meredow  bilen gepleşikler  geçirdi. 2019-njy ýylyň 5-nji aprelinde S.W.Lawrow bilen  R.Ö.Meredow GDA-a gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler we Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň  Hökümetiniň arasynda Halkara maglumat howpsuzlygy ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekdiler (2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda güýje girdi). 2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda “MA5+Russiýa” görnüşinde geçirilen   GDA-a gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde iki ýurduň  Daşary işler ministrleri duşuşdylar.2021-nji ýylyň 29-njy martyndan 2-nji apreli aralygynda R.Ö.Meredow  Russiýa Federasiýasynda iş sapary bilen boldy.  Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy M.W.Mişustin tarapyndan kabul edildi.Şonuň ýaly hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunçatürkmen-rus Hökümetara toparynyň başlyklarynyňgepleşikleri geçirildi.

2022-nji ýylyň 21-22-nji fewralynda  R.Ö.Meredow  ýene-de Russiýa Federasiýasynda resmi iş sapary bilen boldy.  Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň jemleri hem-de geçirilen ikitaraplaýyn türkmen-rus gepleşikleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.  Şeýle hem,   2022-2025-nji ýyllar üçin halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň Meýilnamasyna, şonuň ýaly hem Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasyna gol çekildi.

2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda  Aşgabat şäherinde  Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda  Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Şonuň ýaly hem,  R.Ö.Meredow                     2022-2023-nji ýylyň  dekabrynda   Russiýa Federasiýasynda  bolanda Moskwa şäherinde S.W.Lawrow bilen duşuşdy.   

Beýlekiler bilen bir   hatarda parlamentara gatnaşyklar hem ösdürilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 17-19-njy sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Federal ÝygnagynyňDöwlet Dumasynyň deputatlaryny saýlawynyň geçirilişine gözegçilik etmeklige gatnaşdy. Öz gezeginde, GDA we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Synçylar wekiliýeti 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen  Prezident saýlawlarynyň hem-de 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen parlament saýlawlarynyň  geçirilişine   gözegçilik etmeklige gatnaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň ýolbaşçylyk etmegindäki Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň we Federasiýa Geňeşiniň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna hem-de Parlamentara foruma gatnaşdylar. Resmi saparynyň dowamynda W.I.Matwiýenko Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi, şeýle hem  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň parlamentiniň ýokarky we aşaky  palatalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirdi.   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  2022-nji ýylyň 1-3-nji  noýabrynda Russiýa Federasiýasynda resmi saparda boldy. Bu resmi saparynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi, şeýle hem Döwlet Dumasynyň we Federasiýa Geňeşiniňýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi.  Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň resmi saparynyň  çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda  Parlamentara toparyň döredilmegi barada Ylalaşyga gol çekildi.

2022-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.W.Wolodiniň Türkmenistana sapary boldy, bu saparda ol   Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy  G.S.Mämmedowa bilen gepleşikler geçirdi.

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde  Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy  wezipesine saýlanan D.A.Gulmanowa X Newa halkara ekologiýa kongresiniň (2023-nji ýylyň 25-26-njy maýynda Sankt-Peterburg şäherinde)  işine gatnaşdy. Bu ýerde  W.I.Matwiýenko bilen duşuşdy.